Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde miting geçirildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde anna gün geçirlen miting dargady. Şäheriň merkezi meýdançasyna şäher häkimi Melis Myrzakmatowyň wezipesinde galmagynyt goldap, 3 müň çemesi mitningçi jemlenipdi.

Olar şäheriň häkimi bilen duşuşmagy we prezident Roza Otunbaýewanyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Azatlyk radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, Oş şäheriniň häkimi mundan ozal Bişkege çagyrylypdy. Käbir gürrüňlere görä, ondan wezipesinden meýletin çekilmegi talap edipdirler.

“Meni Bişkekde üç günläp gabap goýdular. Meniň gitmegimi Yslam Karimowyň talap edendigini aýtdylar. Karimow Islam Abduganyýewiç ähli musulman dünýäsiniň we şol sanda Merkezi Aziýanyň lideri. Ol hiç haçan maňa gitsin diýmez” diýip, Myrzakmatow mitniňçileriň öňünde aýtdy.

Myrzakmatow wezipesinden agdarylan prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarydy. Ol Wagtlaýyn hökümeti açyk tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG