Sepleriň elýeterliligi

Eýran gury ýerde raketa synagyny geçirdi


Eýran “ýer-ýer” kysymly raketanyň üstünlikli synagyny geçirdi. Bu barada anna güni ýurduň goranmak ministri Ahmed Wahid aýtdy. Ýöne synagyň takyk haçan geçirilendigini aýtmady.

Döwlet telewideniýesi bolsa raketanyň goýberilişiniň ýazgysyny görkezdi.

Raketanyň täze synagynyň geçirilendigi baradaky habar Orsýet tarapyndan Buşer şäherinde gurlan atom elektrik stansiýasynyň işe başlamaly wagtyna gabat geldi. Ol 21-nji awgustda işe başlamaly.

Eýrandaky atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin, Günbatar döwletleri Orsýeti birnäçe gezek tankyt etdiler.

Moskwa bolsa onuň ýadro ýaragyny öndürmek üçin däl-de, graždan gurluşygydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG