Sepleriň elýeterliligi

Moskwa däne importyny göz öňünde tutmaýar


Orsýetiň Oba hojalyk ministrliginiň anna güni ýaýrdan maglumatyna görä, şu ýyl galla ekrançylygyna gurakçylygyň köp zyýan ýetirendigine garamazdan, Moskwa däne importyny göz öňünde tutmaýar.

19-njy awgustda “Wedomosti” gazeti Oba hojalyk ministrliginiň bir ýokary derejeli resmisine salgylanyp, Orsýet azyndan 5 million tonna galla import edip biler diýip ýazypdy, esasan hem Gazagystandan.

Bu habar derrew dänäniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi.

Orsýetiň Oba hojalyk ministrliginiň metbugat wekili Oleg Akseonow şol habary ýalana çykardy. Ol Orsýetiň gallanyň importyny göz öňünde tutmaýandygyny we Gazagystan bilen hiç hili gepleşigiň geçirilmändigini aýtdy.

Orsýet dünýäde iň köp galla eksport edýän döwletleriň biridi.
XS
SM
MD
LG