Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky partlamany “Yrak Yslam döwleti” boýun aldy


Golaýda Bagdatda bolan partlamanyň jogapkärçiligini “Yrak Yslam döwleti” atly gurama öz üstüne aldy.

Şol partlamada 58 adam ölüp, 130 kişi ýaralanypdy.

Anna güni ýaýradan beýanatynda ekstremistler ol hüjümiň “imanyny satýan şaýy dönüklerine” gönükdirilendigini aýtdylar.

“Yrak Yslam döwleti” guramasy birnäçe sünni ekstremistlerini we Yrakdaky “Al-kaýda” toparyny özüne birleşdirýär.
XS
SM
MD
LG