Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň harbylary 2044-e çenli Ermenistanda galar


Ors prezidenti Dimitriý Medwedew bilen ermeni prezidenti Serž Sarkisýan gol çekişlik dabarasynda, 20-nji awgust.
Ors prezidenti Dimitriý Medwedew bilen ermeni prezidenti Serž Sarkisýan gol çekişlik dabarasynda, 20-nji awgust.

Ors prezidenti Dimitriý Medwedew bilen ermeni prezidenti Serž Sarkisýan Moskwanyň bu ýurduň harby bazasyndan peýdalanmak möhletini ýene 24 ýyl uzaltmak barada täze şertnama gol çekişdiler.

Öňki ylalaşyk boýunça Orsýet Ermenistanyň Gümri bazasyny 2020-nji ýylda boşatmalydy. Ýöne indi bu möhlet 2044-njy ýylda tamamlanýar.

Gelnen ylalaşyk boýunça Orsýet we Ermenistanyň harby enjamlaryny täzeläp, onuň ýaragly güýçleri bilen birlikde ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmeli.

Şu gün gol çekişlikden soň Ýerewanda geçen metbugat konferensiýasynda Sarkisýan: “Bu Orsýetiň geografik we strategik jogapkärçilik sferasyny giňelder” diýip, şertanamany öwdi.

“Orsýet Ermenistan Respublikasynyň howpsuzlygyny üpjün etmegi, biziň güýçlerimizi kämilleşdirilen ýaraglar bilen abzallaşdyrmagy öz üstüne aldy” diýip, Sarkisýan aýtdy.

Moskwanyň ýarany

1995-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň täzelenmegi Orsýetiň harby güýçleriniň Ermenistanda bolmagyny pugtalandyrana meňzeýär. Beýleki goňşular, Gürjüstan we Azerbaýjan, özbaşdak hereket etmäge synanyşyp ýörkä, Ermenistan regionda Moskwanyň ýeke-täk ynamdar ýarany bolup durýar.

Ermeniler aslynda Daglyk-Garabag dawasyny Azerbaýjanyň harby güýç bilen çözmäge synanyşmagyndan gorkýarlar. Olar: “Bu şertnama bular ýaly işiň öňüni alar” diýýärler.

Ýöne Moskwanyň “Ermenistanyň howpsuzlygyny gorajak” diýýäniniň Daglyk-Garabagy hem öz içine alýandygy belli däl. Sebäbi bu region Azerbaýjanyň territoriýasynda ýerleşýär.

Medwedew anna güni Orsýetiň Daglyk-Garabag konfliktini çözmegiň iň gowy ýolunyň gepleşiklerdigine ynanýandygyny aýtdy: “Regionda ýer taýdan iň uly, ykdysady we harby taýdan, şeýle hem howpsuzlygy üpjün etmekde iň güýçli döwlet hökmünde Orsýetiň wezipesi parahatçylygy we tertip-düzgüni gorap saklamak”.

Azerbaýjanyň reaksiýasy

Azerbaýjanyň Daşary işleri ministrliginiň sözçüsi Elhan Poluhow Moskwany Azerbaýjanyň garşysyna Gümri bazasyndan ýarag ulanmazlyk barada ozal gelnen ylalaşyklary ýerine ýetirmeklige çagyrdy.

2006-njy ýylda Orsýetiň Gürjüstana degişli Batumi we Ahalkalakydaky bazalary ýapylansoň, ol ýerlerdäki ýaraglar Gümrä getirildi. Pohulowyň aýtmagyna görä, Moskwa şonda bu ýaraglary Azerbaýjanyň garşysyna ulanmazlygy wada edipdir.

Orsýet bu täze goranyş paktynyň ähmiýetini ulaltmazlyga synanyşýar. 18-nji awgustda Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow: “Gümri bazasynyň funksiýasynda özgerişlere garaşmaly däl” diýdi.

Moskwanyň Ermenistany nähili täze ýaraglar bilen üpjün etjekdigi belli däl. Gümri bazasynda häzir MiG-26 kysymly harby reaktiw uçarlar, S-300 raketa sistemalary, şeýle hem 5000 töweregi rus esgeri bar.
XS
SM
MD
LG