Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde remont işleri tamamlandy


Ýurduň ähli mekdeplerinde remont işleriniň tamamlanyp, bilim ojaklarynyň güýzki okuw möwsümine doly taýýar edilendigi barada resmi habarlarda maglumat berildi.

Türkmen telewideniýesinde berilýän maglumatlara laýyklykda, mekdeplerdäki remont işleri mugallymlaryň öz güýjüniň hasabyna amala aşyrylandygy aýdylýar.

Resmi maglumatlarda remont işleri mugallymlaryň öz güýjüniň hasabyna amala aşyryldy diýlip aýdylsa-da, bejergi işlerinde okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň hem goşandy bardyr.

Türkmenistanda mekdepleriň remont işleri indi 20 ýyl bäri okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň hasabyna amala aşyrylýar. Okuw ýylynyň ahyry ýakynlaberende mekbebiň remontyna pul ýygnamak meselesinde mugallymlar bilen ene-atalaryň arasynda giden bir problemalar ýüze çykyp başlaýar.

Bir mekdepde 3-4 çagaçy okaýan ene-atalara birbada köp pul çykarmak gaty çökder bolýar. Emma mugallymlaryň arasynda şeýle ene-atanyň ýagdaýyna düşünesi gelýän az-az bolýar.

Okuwyň başyndan taýýarlyk


Ýylyň-ýylyna ene-atalar bilen şunuň ýaly wakalaryň ýüze çykyp durmagy, şeýle hem soňky ýyllarda ýurtda gurluşyk materiallarynyň gymmatlamagy netijesinde okuwçylara salynýan puluň mukdarynyň artmagy sebäpli, mugallymlar ýagdaýdan özboluşly çykalga gözläp tapdylar. Olar ozalky ýyllardaky ýaly, mekdebiň remontyna zerur puly okuwyň tamamýan aýynda birden ýygnaman, her aýda okuwçylardan bölekleýin ýygnap başladylar.

Her okuw ýylynyň başynda mekdep müdiriniň tabşyrygy bilen klas ýolbaşçylar özlerine berkidilen klasyň okuwçylaryndan aýda 2 manat möçberinde mekdebiň fonduna diýip pul ýygnaýarlar.

Elbetde, bu iş üçin mugallymlar ene-atalar ýygnagyny geçirýärler we ene-atalaryň öz teklip etmegi bilen diýip geçiren ýygnagyny protokollaşdyrýarlar. Netijede 9 aýyň dowamynda, ýagny sentýabrdan maý aýyna çenli ýygnanan fond puly mekdebiň zalyny we daşyny, howlyny abatlamak işlerinde peýdalanylýar.

Ýene-de pul çykarmaly bolýar

Bu remont işleri bilen mesele gutaranok. Bulardan başga, klas otaglaryny remont etmek üçin hem serişdeler zerur bolup durýar.

Klas otaglaryny abatlamak işi üçin her mugallym özüne berkidilen klas otagyna jogapkär edilip goýulýar. Şonda mugallym ýa öz hasabyna, ýa-da ýene-de okuwçylaryň hasabyna otagy remont etmeli bolýar. Munuň üçin mugallymlar okuwyň ahyrky çärýeklerinde ýene-de ene-atalara teklip hem haýyş bilen çykýarlar we 10 manat möçberinde pul kömegini soraýarlar.

Şunda mekdepde üç-dört, bäş çagasy okaýan ene-atalar bilen ýene-de düşünişmezlikler emele gelýär.

Mugallymlar hem pul çykarýarlar

Her okuw ýylynda bilim bölümleri tarapyndan klas otaglarynyň döwrebap bezelişi bilen içgin gyzyklanylýar. Klas otagyny remont etmek işini mugallymyň zähmet rugsadyna çykmanka tabşyrmagy hökmanydyr. Eger mugallym otagy bellenen möhletde tamamlap bilmese, ol zähmet rugsady günleriniň hasabyna işlemeli we klas otagynyň abatlaýyş işini gutarmaly.

Otagy remont etdirmek üçin mugallymlar ussa tutmaly bolýarlar. Olar klas otagyny öz jübüsinden 100-150 manat pul çykaryp, ussa bejerdýärler. Şunça puly çykarmagy dözmedikler bolsa, ellerine ussanyň gurallaryny alyp, özleri ussaçylyk edýärler.

Zähmet rugsadyndan soň

Zähmet rugsadyndan gelen mugallym öz klas otagynda bezeg işlerini geçirmeli. Her ders mugallymy öz okadýan dersine degişli diwarlyklar bilen klas otagyny bezemeli.

Soňky iki ýylyň dowamynda bilim bölümleri tarapyndan klas otaglaryndaky diwarlyklaryň hiliniň ýokary bolmagy berk talap edilýär. Öň mugallymlar öz elleri bilen ýasan diwarlyklary bilen klaslaryny bezän bolsalar, indi ýörite firmalara buýurma bilen taýýar edilen deň ölçegli diwarlyklaryň bolmagyny bilim edaralaryndan gelen barlagçy-hünärmenler talap edýärler. Ini bir ýarym, boýy bir metrden ybarat beýle diwarlyklaryň bahasy ortaça 20 manatdan ybaratdyr.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG