Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet we metbugat ulgamy ösermi?


Mälim bolşy ýaly, 19-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi.

«Onda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine garaldy we bu ulgamyň öňünde goýlan esasy wezipeler kesgitlendi» diýlip, «Türkmen döwlet habarlary» gullugynyň ýaýradan maglumatynda aýdylýar. Geçen dört ýylyň içinde bu meselä eýýäm üçünji sapar dolanylýar. Şol bir mesele hakda şol bir gürrüňler edilýär. Nämedir bir zatlara güýmenip, gün geçirilýän ýaly.

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowyň sözlerine görä, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän medeni maksatly binalar gurulýar, Türkmenistanyň Döwlet Simfoniki orkestri döredildi, kinoteatrlar, döwlet sirki täzeden dikeldildi, gije-gündiz işleýän teleradioýaýlymlar bar, milli sazymyz, nusgawy opera eserleri (ýeke sapar görkezmek üçin-de bolsa) dikeldildi. Öz sözünde ministr bu zatlaryň türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň has gülläp ösmegine uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Şu ýylyň fewral aýynda döwlet baştutany tarapyndan medeniýet we sungat işgärleri bilen geçirilen maslahatda hem bu zatlar hakda aýdylypdy. Şeýle hem şonda medeniýet ulgamynyň möhüm ojaklarynyň — kitaphanalaryň, muzeýleriň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň, oba medeniýet öýleriniň meselelerine degişli ençeme kararlar kabul edilipdi.

Ýurduň welaýat merkezlerinde döwrebap teatrlar guruldy. Paýtagtymyzdaky kinoteatrlaryň durky düýpli täzelendi. Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Myradow bu teatrlarda hem-de kinoteatrlarda dürli medeni çäreleriň geçirilýändigi, kinofilmleriň görkezilýändigi, Türkmenistanda Halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilýändigi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki medeniýet günleriniň yzygiderli guralýandygy hakda aýdyp, «Oguzhan» adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan uly göwrümli çeper filmleriň birnäçesiniň hem-de hronikal-dokumental we çeper-publisistik filmleriň birnäçesiniň önümçilige goýberilendigini gürrüň berdi.

«Film düşürildi» diýilýänler Nyýazowyň döwründe, Nyýazowyň hossarlary baradaky we «Ruhnamadaky» rowaýatlar boýunça düşürilen filmler. Türkmenistanda indi ýigrimi ýyl bäri halkyň ykbalyndan söhbet açýan, halk görer ýaly filmler düşürilenok. Kinoteatrlarda görkezilýän filmleriň näme hakdalygyny bilmek üçin, kinoteatrlaryň bildirişlerine seredäýmeli. Kinoteatrlarda esasan sowet döwründe düşürilen türkmen filmleri görkezilýär.

Şol bir zatlar...

Geçirilýän maslahatlarda şol bir lenji çykan hasabatlar berilýär. Bizem şol bir öň aýdan zatlarymyzy ýene gaýtalamaly bolýarys. Medeniýetiňem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň-da bu gidiş bilen ösmejegi köre hasa.

Her bir hereketiň öňüne böwet basylýar. Özler-ä «Medeniýet ösenok» dýýärler. Özlerem medeniýetiň öňüne böwet basýarlar. Teatrlara pýesalary, kinolar üçin eserleri saýlap almak sowet döwründe-de edebiýat bilen sungatyň öňüne böwet basyp gelen, hiç hili çeper eser ýazyp görmedik, edebiýata-da, sungata-da düşünmeýän Maýa Mollaýewa diýen pensioner aýalyň elinde. Segsen ýaşy arka atan bu aýal içinde ýurt ýolbaşçysyna öwgi bolmadyk eserleri eliniň tersi bilen zyňyp goýberýär. Zehinli ýazyjylar “gara sanawda”.

Täze “ýetişdirilýän” nesil ýokary wezipelileriň edebiýatdan, sungatdan başy çykmaýan çagalary. Ýurtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän teatr jaýlary gurlany bilen, kinoteatrlaryň durkunyň täzeleneni bilen medeniýeti ösdürip bolmaýar. Bu ýagdaý Keminäniň gazanyň içine daş atyp gaýnadyp, «Ynha, basym nahar bişer» diýip, çagalary aldaýşy ýaly bir zatdyr. Dünýä ülňülerine laýyk gurlan teatr jaýlarynyň içinde ajaýyp sahna eseriniň bolmagy gerek. Kinolar üçin ýurduň hakyky ýazyjylarynyň eserleriniň alynmagy gerek.

«Däliden dogry habar» diýlişi ýaly, dogrusyny aýtsaň, häzirki hökümete medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň öseni gerek däl ýaly.

Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri öz sözünde kitaphanalary ösdürmek hakda-da kararlaryň kabul edilendigini aýdýar. Kitaphanalary ösdürmek üçin müň karar kabul edilende näme eger Türkmenistanda asla diýen ýaly kitap çykmasa!

Ýigrimi ýyl bäri ýene şol bir zat dowam edýär. Her kimiň öz döwlet dolandyryşy bar. Ýurtdaky ýagdaý ýurt ýolbaşçylarynyň başarnygynyň nähilidigini aýna ýaly görkezip dur. Ösüşler boljakmy, bolmajakmy, ol hut aýnada görnen ýaly görünýär.

Hakyky žurnalistleriň, ýazyjylaryň ýok edilýän ýurdunda, hakyky sözüň gadagan edilen ýurdunda hiç wagt medeniýetem ösmez, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy-da.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG