Sepleriň elýeterliligi

Çepbe çöwrülen taryh


Moskwa, 20-nji awgust 1991-nji ýyl.

Moskwa, 20-nji awgust 1991-nji ýyl.

Bir zarbada Ýer togalagyny pytradyp biljek ýadro ýaraglarynyň aýylganç uly arsenalyna eýe bolan SSSR-iň ygtyýary 1991-nji ýylyň awgustynda (19-21 awgust) üç günläp pitneçileriň eline geçdi. GKÇP adyny alan pitneçiler SSSR-iň demokratik meýilli prezidenti Mihail Gorbaçýowy göz tussagy edip, ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizdiler.

Bu işi edenler M.Gorbaçýowyň iň ýakyn egindeşleridi. Olar Sowet Soýuzynda barýan Üýtgedip gurmak syýasatyna, aç-açanlyga, aýdyňlyga, demokratik özgerişlere diş-dyrnak garşy çykdylar. SSSR-iň syýasy hem harby ýolbaşçylygyna girýän pitneçiler gury ýeriň altydan birini tutýan SSSR-de totalitar döwlet sistemasyny saklamakçy boldular. Olaryň bu bet pygly başa barsa, SSSR-iň territoriýasynda gazaply gandöküşikli uruşlar başlanmalydy. Sebäbi sowet respublikalarynyň köpüsi eýýäm milli özbaşdaklyk ýoluna düşüpdiler. Sagadyň dilini yzyna towlamak, aýylganç güýç ulanmazdan, wagty yzyna öwürmek mümkin däldi.

Pitneçilere garşy çykan barmydy?

Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow.
Sowet respubliklalarynyň baştutanlarynyň hemmesi diýen ýaly GKÇP-ni bada-bat ýazgaryp çykyş etdiler. Iň ýöwseli Özbegistanyň, Täjigistanyň hem Türkmenistanyň prezidentleri bolup çykdy. Olar dymdylar. Emma sowet respublikalarynyň prezidentleriniň arasyndan diňe biri, ol hem Türkmenistanyň baştutany Saparmyrat Nyýazow pitneçileriň tarapyna geçdi. Ol GKÇP-niň buýruklaryna doly boýun egip, Türkmenistany üç günläp pitneçileriň eline berdi we özi, jyňkyny çykarman, köşgünde bukulyp oturdy. Türkmenistan şonda üç günläp baştutansyz galdy! Haý-haýly pursatda S.Nyýazow özbaşdak respublikanyň baştutany hökmünde halka ýüzlenip, öz syýasy pozisiýasyny aýan etmedi. Ol şonda şeýle bir ýöwselledi welin, hatda pitneçiler tutulansoňlaram, türkmen metbugatynda olaryň buýruklary çykdy durdy!

Pitnäniň ikinji güni S.Nyýazow Aşgabadyň bazarlaryna aýlanyp, ähli kooperatiw dükanlary ýapyp çykdy. Muny ol GKÇP-ä ýaranmak üçin etdi. Sebäbi pitneçiler bazar ykdysadyýetine, SSSR-de erkinlik bolmagyna garşydylar, şonuň üçinem olar M.Gorbaçýowy agdaryp, ýurtda stalinçilik repressiw düzgüni dikeltmäge synanyşdylar.

S.Nyýazow GKÇP-niň öňünde dyza çökse-de, Türkmenistan pitneçilere doly boýun bolmady. “Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi, respublikanyň ýolbaşçylygyndan tapawutlylykda, GKÇP-ä açyk garşy çykdy. “Agzybirlik” Orsýetiň demokratik güýçlerini we Ýeltsini goldady.

“Agzybirligiň” kararyna görä, men 1991-nji ýylyň 20-nji awgustynda Boris Ýeltsini goldap, Moskwa telegramma ibermek üçin Aşgabadyň Merkezi telegraf stansiýasyna bardym. Resmi blankany dolduryp, teksti telegrafist aýala uzatdym: “Moskwa. RSFSR-iň Ýokary Soweti. Boris Ýeltsine”.

Telegrammanyň adresini hem teksti okan telegrafist rus zenany başyny ýaýkady: “Beýle mazmunly telegrammany kabul edip bilemzok”. Men sebäbini soradym. Şonda ol “Resmi taýdan gadagan edildi. Bize bu hakda düýn resmi direktiwa geldi” diýdi. Men buýruk kimden geldi diýip soradym. Telegrafist aýal “Respublikanyň ýolbaşçylygyndan” diýip, jogap berdi. Türkmenistandan GKÇP-niň garşysyna çykýan telegrammalaryň iberilmeginiň resmi taýdan gadagan edilmegi – S.Nyýazowyň pitneçiler bilen diliniň bir bolanlygyny görkezýän köp sanly subutnamalaryň birdir.

Aýyply diktatura

M.Gorbaçýow Moskwa gaýdyp gelýär, 22-nji awgust 1991-nji ýyl.
Elbetde, GKÇP-e üç günde ýeňildi, pitneçiler 21-nji awgustda tussag edildiler, M.Gorbaçýow Gara deňziniň kenaryndan, ýagny göz tussaglygynda saklanan ýerinden, Moskwa gaýdyp geldi. SSSR-i saklamak üçin gurnalan pitne gaýta gyzyl imperiýanyň çagşamagyny has-da tizleşdirdi. Şondan soň ähli sowet respublikalary yzly-yzyna öz döwlet garaşsyzlyklaryny yglan etdiler.

Emma S.Nyýazow şonda-da sapalak atmasyny bes etmedi, ol Kremle tabynlygyny soňky möhlete çenli saklady. Netijede Türkmenistan 15 respublikanyň arasynda, Orsýet bilen aşa uzak araçägi bolan Gazagystany hasaplamasaň, iň soňky bolup, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda öz döwlet garaşsyzlygyny yglan etdi.

1992-nji ýyldan soň S.Nyýazow özüniň sowet döwründe alyp baran antitürkmen syýasatyny, taryhy şowakörlügini we ýöwselligini geljekki nesillerden gizlemegiň ugruna çykdy. Onuň buýrugy bilen resmi türkmen metbugaty taryhy faktlary ýoýup, agy – gara, garany ak edip görkezip başlady. Kremliň düýnki ýumuş oglany basym özüne “Türkmenbaşy” diýen haýbatly lakamy aldy. Ol öz ýöwselligine, syýasy şowakörlügine şaýat bolan progressiw pikirli adamlary hökümetden çetleşdirdi. Sowet döwründe türkmen dilini, türkmeniň milli mertebesini goran, ýurduň döwlet garaşsyzlygy ugrunda göreşen adamlaryň ýanalmagyny, yzarlanmagyny ýola goýdy. Hakykatyň açylmazlygy üçin söz, metbugat azatlygyny, demokratik saýlawlary doly gadagan edip, ýurtda başyçylyk totalitar režimini ornaşdyrdy.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG