Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň Puşkin meýdançasynda protest bildirildi


Düýn polisiýa işgärleriniň aşa köpeldilendigine garamazdan, 2 müň çemesi adam Moskwanyň merkezi Puşkin meýdançasynda proteste ýygnandy.

Olar Himkidäki goragly tokaýyň üstünden uly ýoluň gurulýandygyna protest bildirdiler.

Polisiýa saz gurallaryny we audio enjamlaryny alyp barýän adamlary hem meýdança goýbermedi. Aktiwistler ol ýerde gadagan edilen rok konsertini geçirmekçidiler.

Bu wakalarda polisiýa 20-den gowrak adamy, şol sanda, proteste gatnaşan oppozisiýa lideri Boris Nemsowy we belli hukukçy aktiwist Lew Ponomarýowy hem tussag etdi.

Demonstrasiýaçylar Sowet Soýuzy dargandan soň döredilen rus baýdagynyň gününi belleýärdiler.
XS
SM
MD
LG