Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan siliň artmagyndan ätiýaç edýär


Günorta Pakistanda onlarça müň adam ýene-de sil howpundan gaçyp başlady.

Agyr ýagan ýagyşlardan soň, üç hepde mundan öň gelen sil bu ýurtda eýýäm azyndan 1600 adamy öldürdi we 20 million adamyň gün-güzeranyny ýaramazlaşdyrdy.

Dünýä Saglyk guramasy bu ýerde 200 müňden gowrak adamyň ýiti içgeçmeden, ýene şonça adamyň bolsa dem alyş problemalaryndan ejir çekýändigi barada maglumat alnandygyny habar berýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bu betbagtçylyk netijesinde eýýäm azyndan 200 müň haýwanyň ölendigini aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda Halkara pul fondy özüniň Pakistana ýurduň býujetine hem maliýe prospektlerine gaýtadan seretmäge kömek etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG