Sepleriň elýeterliligi

Çiliniň şahtaçylaryndan habar tapyldy


Çilide 17 gün ozal şahta astynda galan 33 magdançy düýn özleriniň diridigini bildirdi.

Halas edijiler çöken altyn hem mis şahtasynyň 700 metr çemesi çuňlugyna synag burawyny goýberdiler we ol buraw ýekşenbe güni yzyna elde ýazylan hat bilen çykdy.

Hatda şahta astynda galan 33 adamyň hemmesiniň diridigi we adatdan daşary penahanada bile oturandygy aýdylýar.

Şahtaçylar özleriniň ýokarsyndaky daş çökende 450 metr çuňlukda işleýän ekenler.
XS
SM
MD
LG