Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Mergi döwründe» tutulýan toý


Türkmenistanda işsizlik problemasy şu günki güne çenli hem uly sosial problemalardan biri bolmagynda galýar. Emma, muňa garamazdan, geçirilýän hökümet maslahatlarynda häkimiýetler henize bu güne çenli bu problemanyň gyrasyndan hem barmaýarlar.


Ýakynda ykdysadyýet boýunça geçiren ýörite maslahatynda G.Berdimuhamedow iň möhüm pudaklaryň biri bolan Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşinde kabir düýpli kemçilikleriň bardygyny boýun aldy.

Ol, hususan-da, oba, posýolok hem etrap şäherçeleriniň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky programmanyň amala aşyrylyşyndaky şowsuzlyklary ýiti tankytlady.

Prezidentiň öňünde hasabat berende sosial-üpjünçilik ministri B.Şamyradow sosial ösüşde oňyn faktorlaryň köpdügini belledi. Emma oba ilatynyň we paýtagtdan uzakdaky etraplaryň ýaşaýjylarynyň ýiti sosial problemalary barasynda welin, ministr ýeke sözem aýtmady.

Uzaga çekýän dymyşlyk

Işsizleriň ägirt uly armiýasynyň sosial gorag meselesi döwlet sistemasynyň ünsünden ýene nobatdaky gezek sypdy. Türkmen propagandasy köp ýyllar bäri ýurtdaky işsizligiň möçberi, real kartinasy barada dymýar. Bu ugurdaky hakyky maglumatlar döwletiň strategik syry hökmünde ýaşyryn saklanýar.

Resmi çeşmelerden işini ýitirenler ýa köp ýyllar bäri işlemeýän adamlar baradaky maglumatlary tapmak mümkin däl.

Eger bu ýerde mesele tutuş ýurduň ykdysadyýetine täsir edýän sosial problema barada däl-de, birnäçe işsizler barada bolan bolsa, beýle dymyşlyga düşünip hem bolardy. Emma daşary ýurt, şol sanda Orsýetiň çeşmeleriniň hem maglumatyna görä, Türkmenistan işsizligiň derejesi boýunça postsowet giňişliginde iň öňdäki orunda we ýer togalagy boýunça-da işizligiň iň bir ösen ýurtlarynyň hatarynda durýar.

Iň bärki maglumatlaram Türkmenistanda işsizligiň 25 prosentdigini görkezýär. Beýle diýildigi azyndýan ýarym million türkmenistanlynyň özüne iş tapyp bilmeýändigini aňladýar.

Emma käbir çeşmeler ýurtda işsizligiň ýagdaýynyň hakykatynda has hem gözgyny derejededigini habar berýärler. Şol maglumatlara görä, Türkmenistanyň aýry-aýry etraplarynda işe ukyply adamlaryň 60-70 prosenti işsiz diýlip hasaplanylýar.

Döwlet kim üçin?

Eýsem, häkimiýetler işsizler armiýasynyň emele gelmegi bilen bagly olaryň sosial goragy boýunça näme teklip edýär? Sypaýyçylykly aýdylanda, häkimiýetler işsizlik problemasyny görmezlige salýar, iş ýüzünde onuň bardygyny ret edýär.

Ýurtdaky işsizler işsizlik boýunça döwletden hiç hili kömek almaýarlar. Başgaça aýdylanda, ilatyň kömege mätäç gatlagy döwlet ýardamyndan mahrum.

Döwlet sistemasy özüniň “Döwlet halk üçindir” diýen baş ideologik prinsipini arman-irmän reklama edýänem bolsa, iş ýüzünde ol bu prinsipi ýoga çykarýar. Şeýlelikde, işsizler toparyna sosial gorag ýok.

Ozalkylary ýaly, bu gezegem sosial üpjünçilik ministrem, prezidentem bu problemanyň bardygyny ýaňzytmady, ony çözmek barada dil hem ýarmady. Şeýle ýagdaýda ýüzlerçe müň işsiz adamyň, olaryň ýakynlarynyň ösüşler we gazanyldy diýilýän üstünlikler baradaky şygarlary nähili kabul edýändiklerini çaklaýmak galýar.

Ägirt uly derejede işsizligiň bar ýagdaýynda ähliumumy şatlygy, joşguny diňe mergi döwründe tutulan toý atlandyrmak bolar. Beýle epidemiýany, keseli her näçe bezeseň-de, gizläp bolmaz. Gözboýagçylyk bilen gizlenilýän begtbagtçylyk has hem agyryly netijeler bilen ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda, alaçsyzlygyň üstüne ynamsyzlyk hem gelip goşulýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG