Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öž «ukybyny» subut etdi


Buşerdäki atom stansiýasy
Buşerdäki atom stansiýasy

Eýranyň şenbe güni işe girizen ilkinji atom elekrostansiýasyna Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama abanýan howp diýip garamaýandygyny aýtdy.


Birleşen Ştatlaryň bu netijä gelmegine sebäp bolýan zat - Moskwanyň bu reaktory ýangyç bilen üpjün edip, ulanylan ýangyjy hem izyna almak barada Eýran bilen gelen ylalaşygy.

Eýran öz maksadynyň parahatçylykly atom energiýasyny öndürmekdigini aýdýar. Ýöne günbatar ýurtlary Tähran ýadro ýaraglaryny gizlin öndürmäge synanyşýar diýip, güman edýärler.

Buşerdäki bu reaktoryň gurluşygyny 1974-nji ýylda german kompaniýasy «Siemens» başlapdy. Ýöne 1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasyndan soň, bu iş togtadyldy. 1990-njy ýyllarda onuň gurluşygyny Orsýet dowan etdirdi.

Orsýetiň kömeginiň «miwesi»

Orsýetiň Ýadro agentliginiň başlygy Sergeý Kiriýenko reaktoryň işe başlamagy mynasybetli rus telewideniýesine beren interwýusynda: “German we rus ýadro tehnoligiýasyny birleşdirmek özboluşly bir tagalla. Tehnoligik taýdan garanyňda bu işi başga biriniň edip bilmejekdigini batyrgaýlyk bilen aýdyp bileris. Biziň muňa guwanýandygymyzyň sebäbi şol” diýdi.

Halkara sanksiýalaryna garamazdan Buşerde Orsýetiň bu reaktory gurmagyny Waşington tankytlap geldi. Ýöne Moskwa: “Eýranyň gizlin ýarag programmasy barada subutnama ýok” diýýär. Ol ilkinji nobatda hem ulanylan ýangyjy yzyna almak barada Tähran bilen gelen ylalaşygyna salgylanýar. Sebäbi reaktorda ulanylan ýangyjy ýarag öndürmäge ýaramly plutonini öndürmek için hem ulanyp bolýar.

Moskwa iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýran barada girizen sanksiýalarynyň dördünji tapgyryny goldady.

Eýran Günbatary aýyplaýar

Eýranyň Ýadro energiýasy agentliginiň başlygy Ali Akbar Salehi şenbe güni: “Eýran öz ýangyjyny baýlaşdyrmak islemeýärdi. Ýöne Atom energiýasy boýunça halkara agentligi biziň daşardan ýangyç almak baradaky haýyşymyzy ret etdi” diýdi. Ol: “Biz öz hemme uranymyzy 20 prosent baýlaşdyrylan urana öwürmek niýetimiziň ýokdugyny öwran-öwran aýdyp geldik. Biziň isleýänimiz - diňe özümize geregini öndürmek” diýip nygtady.

Ali Akbar Salehi: “Atom elektrostansiýasy üçin urany baýlaşdyrmakdan biziň maksadymyz 20 müň megawat töweregi elektrik öndürmek” diýýär.

Buşer reaktory ýola düşüp-düşmänkä Ysraýyl halkara jemgyýetçiligini Eýranyň ýadro programmasyny togtatmaklyga çagyrdy. Ýurduň Daşary işler ministrligi öz beýannamasynda: “Tähranyň edýan işleri Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň çykaran kararlaryny birsyhly bozmak. Onuň urany baýlaşdyrmagynyň öňi alynmalydyr” diýdi.

Ysraýyl Eýranyň ýadro ýaragly bolmagyny öz üstüne abanýan howp diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG