Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan barada Amerikan umydy


Amerikan we NATO güýçleriniň Owganystandaky serkerdebaşy General Dewid Petreus
Amerikan we NATO güýçleriniň Owganystandaky serkerdebaşy General Dewid Petreus

Amerikan we NATO güýçleriniň Owganystandaky serkerdebaşy General Dewid Petreus: “Owganystanyň dürli regionlarynda talybanyň işi oňuna bolup, güýjüniň barha artýan döwri indi ötdi” diýýär.


General BBC habar agentligine beren interwýusynda Günbatar güýçleriniň talybanyň ençeme ýylyň dowamynda edinen gaçybatalgalaryny eýelemek ugrunda iş alyp barýanlygyny, ýöne munuň agyr çaknyşyklara getirjekdigini belledi.

Owganystanly Wahid Moždeh ozal talyban režiminiň Daşary işler ministrliginde işlän adam. Ol Petreusyň bu aýdýanlaryny sorag astyna alyp: “Bu beýanat amerikanyň öz ilatyna gönükdirilýän bolmaly. Sebäbi bu aýdylýanlar ýerli ýagdaýa asla laýyk gelenok” diýýär.

“Meniň pikirimçe, amerikanlar indi öz halkyna Owganystanda ýagdaýyň hemme babatda gowulanandygyny görkezjek bolýarlar. Bular ýaly gürrüňe gulak asýan ilkinji nobatda olaryň öz watandaşlary. Owganystanyň içinde welin, beýle zat ýok” diýip, Moždeh belleýär.

Talyban režimi barada kitap ýazan Moždeh Günbataryň öz harby kampaniýasyny güýçlendirmeginiň käbir owganlaryň arasynda gahar-gazap döredendigini, sebäbi olaryň muňa parahat ilata pitneçileriňikiden has zyýanly diýip garaýanlygyny aýdýar.

Petreus öz ýaragly güýçleriniň edýän howa hüjümlerinde we urýan bombaly zarbalarynda parahat ilata zyýan ýetirmezlige köpräk üns berilmegini talap edýär. Onuň sözlerine görä, bu tagallalaryň netijesinde parahat ilatdan pida çekýän adamlaryň sany soňky wagtlar azalypdyr. Ýöne, muňa garamazdan, bu mesele Owganystanda ynjyk mesele bolup durýar.

Ýaraga daýanýan «çözgütler»

Wahid Moždeh: “Amerikan we NATO güýçleriniň Owganystandaky öňki başlygy General MakKristalyň owgan halkynyň göwnüni we aňyny awlamak baradaky strategiýasy doly ýerine ýetirilmedi, Günbatar güýçleriniň pitneçileri ýeňmekde bil baglaýany entegem ýarag güýji” diýýär.

“Amerika Owganystanda garaňkylykda sermenip ýör. Olar bir gün bir zady aýtsa, ertesi başga bir zady aýdýarlar. Bu ýere gelýänleriň hemmesi özleriniň talybandan üstün çykyandyklaryny aýdýarlar. Ýöne talyban indi Kabulyň derwezesini kakýar. Olaryň talybanyň üstünden «gazandyk» diýýän ýeňşini biz ne görüp bilýäris, ne-de duýup bilýäris” diýip Moždeh belleýär.

General Petreus Amerikan we NATO gýüçleriniň 2011-nji ýylyň iýulyna bellenen möhletde Owganystandan çykmak prosesiniň çalt we ýeňil proses bolmajakdygyny-da öz söhbetdeşliginde nygtady.

Owganystanda barýan uruşda sözüň doly manysynda ýeňiş gazanyp bolmajakdygyny harby däl analizçiler hem belleýärler. Olar munuň üçin ýeke söweş meýdanynda ýeňiş gazanmagyň ýeterlik däldigine-de düşünýärler. Olaryň garaýşyça, Owganystany durnuklaşdyrmagyň ýoly ýurduň oňat dolandyrylmagyny üpjün edip, ykdysady ösüşi güýçlendirmek.
XS
SM
MD
LG