Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky bomba hüjümleri 21 adamy öldürdi


Düýn Pakistanyň günorta Waziristan we Kurram tire etraplarynda bolan bomba hüjümlerinde azyndan 21 adam öldürildi.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan bölüminiň Günorta Waziristanyň paýtagtyndaky habarçysy düýn bu wakalardan birinde janyndan geçen bombaçynyň metjitde Kurandan ders alyp oturan talyplara hüjüm edendigini aýdýar.

Şol partlama 16 adamy öldürip, 30-dan gowrak adamy ýaralady. Ölenleriň arasynda ozalky parlament agzasy Mowlewi Nur Muhammad hem bar.
XS
SM
MD
LG