Sepleriň elýeterliligi

Filippin zamun krizisinde 8 syýahatçy öldürildi


Öten agşam Filippinleriň paýtagty Manilada 12 sagat dowam eden zamun alyş dramasy zamun alyjynyň ele salnan awtobusdaky 8 ýolagçy bilen bilelikde öldürilmegi arkaly soňlandy.

Zamun alyjy, öňki polis ofiseri, polisiýa işgärleriniň awtobusy zabt etmezlerinden we özüni bir mergeniň atyp urmazyndan öň Gon-kongdan gelen syýahatçylaryň 8-sini öldürdi.

Häkimiýetler başda ol adamyň 25 adamly awtobusy zamun alandygyny aýdypdylar. Ol adamlary öldürmäge başlamazyndan öň zamunlaryň 9-syny azat etdi we eger öňki işine dikeldilse, beýleki zamunlary hem boşatjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG