Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli golfçy Taýger Wuds aýaly bilen aýrylyşdy


Düýn dünýäniň birinji golfçysy Taýger Wuds alty ýyl ýaşaşan aýaly Elin Nordegren bilen resmi ýagdaýda aýrylyşdy.

Wuds 2009-njy ýylyň noýabrynda özüniň Floridadaky öýüniň golaýynda öz gezýän gyzy bilen bir ýol hadysasyna uçranda, bu onuň başga bir aýal bilen binika gatnaşyk edýändigini boýun almagyna getiripdi.

Şonda ol birnäçe aýlap golf oýnamakdan çekildi we mart aýynda sporta dolanmazyndan öň jynsy gatnaşyklar boýunça klinikada bejergi aldy.

Häzirlikçe bu baradaky resmi maglumatda olaryň 3 ýaşly gyzlary bilen 19 aýlyk ogullaryna ene-ata bolmagy bölüşmeginden başga şertleri aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG