Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wan Goguň ogurlanan eseri sebäpli 5 adam saklandy


Düýn Winsent Wan Goguň Kair muzeýinden ogurlanan suratynyň derňewi bilen baglylykda Müsüriň Medeniýet ministrliginiň uly resmisi we ýene 4 adam tussag astyna alyndy.

Müsüriň döwlet eýeçiligindäki metbugaty ýurduň baş prokurorynyň Medeniýet ministrliginiň sungat bölüminiň başlygy Mohsen Şaalany azyndan 4 gün tussagda saklamagy buýrandygyny habar berdi.

Ýene 4 adam, şol sanda, muzeýiň goragçylarynyň birnäçesi öz borçlaryna geleňsiz garandyklary sebäpli tussag edildi.

Şenbe güni muzeýden ogurlanan eser 50 million gowrak dollar bahalanýar.

Resmiler muzeýiň signallarynyň hiç biriniň işlemeýändigini, 43 sany gözegçilik kamerasynyň bolsa diňe 7-siniň işländigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG