Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türme gaçgaklary sebäpli Täjigistan serhedini berkidýär


Düýn 25 töweregi yslamçy jeňçi türmeden gaçandan soň, Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri we serhetçileri ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi.

Uzak wagtlyk türme tussaglygyna höküm edilen jeňçiler türme sakçylarynyň azyndan bäşisini öldürip, paýtagt Duşanbedäki tussaghanadan gaçyp çykdylar.

Resmiler gaçan tussaglaryň käbiriniň Özbegistanyň radikal yslam hereketiniň agzasydygyny we gaçgaklary ele salmak üçin rus hem owgan howpsuzlyk güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG