Sepleriň elýeterliligi

Rangin Spanta: «Pakistany goldamak strategiki ýalňyşlyk»


Owganystanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Rangin Dadfar Spanta düýn Waşingtony Pakistan bilen dostlugyna gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Ol Pakistany Al-Kaýdany we beýleki yslamçy ekstremistleri goldap, Birleşen Ştatlar bilen ikiýüzli oýun oýnamakda günäleýär.

Owganystanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Rangin Dadfar Spanta «Waşington post» gazetine beren bu interwýusynda Pakistanyň syýasaty zorlugyň derejesini ýokarlandyrmaga kömek edip, Günbataryň owgan urşundaky tagallalarynyň ähmiýetiniň peselmegine iterýär diýdi.

Spanta Waşington hakykatda terrorizme meçew berýänleri strategik ýaran edinip, strategiki ýalňyşlyk goýberýär diýip belledi.
XS
SM
MD
LG