Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyny belleýär


Ukraina şu gün Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 19 ýyllygyny belleýär.

Ukrainanyň parlament deputatlary 1991-nji ýylyň 24-nji awgustynda Ukrainany garaşsyz, demokratik döwlet diýip jar etmek bilen, garaşsyzlyk aktyny kabul edipdiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtondan Ukrainanyň garaşsyzlyk baýramyny gutlap, wideo-gutlag iberdi. Ol gutlagda ukrianalylar bilen amerikalylaryň demokratik gymmatlyklara şärikdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG