Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýanlyk ýok ýerde gep-gybat köp


“Türkmenistanyň gahrymany” Myratberdi Sopyýew
“Türkmenistanyň gahrymany” Myratberdi Sopyýew

M.Sopyýewiň bar zatdan gyrakladylmagy diňe Gämi obasynda ýa-da Ak bugdaý etrabynda däl, eýse bütin Ahal welaýatynda-da, ýurduň beýleki ýerlerinde-de her hili gep-gybatlaryň peýda bolmagyna getirdi.


Türkmenistanyň ýaşaýjylary Myratberdi Sopyýew ýaly tanymal daýhanyň, “Hormatly il ýaşulusy” we “Türkmenistanyň gahrymany” ýaly atlaryň eýesiniň, “oba-hojalyk önümçiliginiň tejribeli guramaçysynyň” öz arzasy bilen dabaraly ýagdaýda hormatly dynç alşa ugradylanlygyny ýerli habar beriş serişdelerinden bilip galdylar.

M.Sopyýewiň bar zatdan gyrakladylmagy diňe Gämi obasynda ýa-da Ak bugdaý etrabynda däl, eýse bütin Ahal welaýatynda-da, ýurduň beýleki ýerlerinde-de her hili gep-gybatlaryň peýda bolmagyna getirdi. Kimler «Arada ele salnan 230 kilo tirýekde Myratberdi Sopyň özüniň ýa-da onuň ýakyn garyndaşlarynyň eli bolmadyk bolsa, onda ýaşuly öz adyny göterýän oba-hojalyk paýdarlar jemgyýetine entegem başlyklyk ederdi» diýip, myş-myşlary artdyrsa, beýlekileri «Myratberdi Sopyň möwriti ötdi, ol indi, öňküsi ýaly syýasy elitaň hyzmatynda durmaga ýaranok, şonuň üçin ony pensiýa ugratdylar» diýip, gep-gybatlaryň üstüni ýetirýärler.

Häkimiýetler, ýerli habar beriş serişdeleri Myratberdi Sopyýewiň işden gitmeginiň esasy sebäpleri barada dil ýaranoklar, netijede ýurtdaky gep-gybatlar günsaýyn möwç alyp, akyla-huşa sygmajak, ynanyp ýa-da göz öňüne getirip bolmajak derejä ýetip barýar.

Berk goralýan «göreldeli» obalar

Iýul aýynyň ahyrky ongünlüginde «Dokuz sany neşe söwdagäri tutulypdyr, olaryň ýanyndan 230 kilogram tirýek çykypdyr, neşe söwdagärlerine degişli gymmatbaha, premium klasly awtoulaglar, jaýlar, kwartiralar konfiskasiýa edilipdir» diýlen habarlar Türkmenistanyň ähli ýerlerine ýaýrady.

Şol habarda tutulan neşe söwdagärleriniň bäşisiniň Myratberdi Sopyýewiň ýolbaşçylyk edýän oba-hojalyk paýdarlar jemgyýetindendigi, olaryň indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri bu haram iş blen meşgul bolandyklary hem nygtaldy.

Bu habar türkmenistanlylaryň öňünde «näme üçin bäş ýylyň dowamynda neşe söwdasyny arkaýyn edip ýören Myratberdi Sopyň obadaşlarynyň “towugyna tok” diýen tapylmady?» diýlen soragy keserdip goýdy.

Bu soraga jogap bermezden öň bir zady aýtmagymyz gerek. Öňki Sowet Soýuzy döwründe-de, soňky garaşsyzlyk ýyllarynda-da her bir welaýatda ýa-da etrapda «nusgalyk hökmünde görkezilmäge mynasyp» hojalyklar boldy. Ol kolhozlara, soňra at berlişi ýaly, daýhan birleşiklerine ýa-da paýdarlar jemgyýetlerine, ýurt we welaýat ýolbaşçylary tarapyndan artykmaç üns, tehnika, dökün, suw, pul serişdeleri iliňkiden iki paý artyk berlip gelindi.

Bu “nusgalyk hojalyklara”, adat boýunça ýerli raýkomlaryň birinji sekretarlary, soňky wagtlar bolsa etraplaryň häkimleri Aşgabatdan, Moskwadan ýa-da daşary ýurtlardan gelen ketdeleri, myhmanlary aýlardylar, “nusgalyk hojalyklaryň” mysalynda myhmanlary oba-hojalygynyň ösen derejeleri we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrardylar.

Bu ýerde ýene bir zady nygtamakçy. Göreldeli hojalyklaryň özleri-de, olara ýolbaşçylyk eden başlyklaram hiç mahalam tankytlanmazdy, bu hojalyklara rewizorlaryň, derňewçileriň, sülçileriň we beýleki köpsanly gözegçileriň biri-de başlykdan birugsat baryp bilmezdi, barlag işlerini geçirmäge milt hem etmezdi.

Myratberdi Sopyýewiň ýolbaşçylyk eden ilki «Sowet Türkmenistany», soňra «Türkmenistan» kolhozy, ondan soňra bolsa onuň öz ady dakylan daýhan birleşigi, paýdarlar jemgyýeti hem Ahal welaýatynda şular ýaly nusgalyk, görkezmäge degişli bolan hojalyklaryň iň naýbaşysydy! Kim bilýär, belki, indiden soň, ýagny Myratberdi Sopyýew sahnadan düşürilensoň, bu hojalykdaky şu çaka çenli bolan pyssy-pujurlyklaryň, gözboýagçylyklaryň, beýleki kanun bozmalaryň üsti açylar.

Haýsy-da bolsa, gep-gybatdan julk bolan Gämi obasynyň ýaşaýjylary-da, bütin türkmen halky-da bu hojalyk bilen bagly ýene täze «sensasiýalar» çyksa, o diýen geň galmasalar gerek.

Ýagdaý hemme ýerde-de şeýleräk

Myratberdi Sopyýewiňki ýaly «göreldeli» hojalyklaryň ýene birine Daşoguz welaýatynda Sadulla Rozmetow, Lebap welaýatynda-da Gedaý Ahmedow baş bolupdylar. Bularyň ikisem, edil Myratberdy Sopy ýaly, ”Türkmenistanyň gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolanlar.

Öz wagtynda bu gahrymanlaryň ýolbaşçylyk eden «nusgalyk» hojalyklarynda-da ýagdaý edil M.Sopynyň paýdarlar jemgyýetindäkisi ýalydy. Tehnika berlende-de, dökün paýlananda-da olar birinji bolup, beýleki daýhan birleşiklerinden artyk paý almalydy.

Oba ýaşaýjylarynyň özleriniň aýtmaklaryna görä, «göreldeli hojalykda ýaşamak esger kazarmasynda ýaşamak bilen des-deň» eken. Başlygyň aýdanyny iki gaýtalatmaly däl, ölmeli-ýitmeli, ýöne onuň tabşyrygyny wagtynda we göwnejaý ýerine ýetirmeli. Ýetirmediňmi? Onda seniň dat günüňe! Gahary gelen, göwnünden turulmadyk gahryman-başlyk, islese, seni maşgalaň bilen obadanam çykaryp bilýär, islese, hatda ýok edibem bilýär.

Häzir S.Rozmetow pensiýada. Aýtmaklaryna görä, G.Ahmedow ”Türkmenistanyň gahrymany” diýlen atdanam, azatlykdanam mahrum edilipdir. Diňe daýhançylykda däl, eýse prezidentleriň şahsyýet kultuny ösdürmekde-de, diktatorlaryň alyp barýan syýasatyny goldamakda-da at gazanan adamlaryň atlary indi düýbünden tutulanok. Ýöne, muňa garamazdan, olaryň «döwran sürüp, dabarasy dag aşan» döwürlerindäki eden işleri köpçülige ýuwaş-ýuwaşdan aýan bolýar.

Mysal üçin, gahrymanlaryň başlyklyk eden hojalyklaryndan goňşy döwlete näçe mukdarda ösümlik ýagynyň, benziniň, beýleki azyk we senagat harytlarynyň bikanun, gaçakçylyk ýollary bilen geçirilişi barada, beýleki edilen bidüzgünçilikler barada dil ýarylyp başlandy. Temeni haltada gizläp bolmaýşy ýaly, öz wagtynda kim näme edenem bolsa, onuň eden işleri iru-giç aýan bolýar.

Myratberdi Sopy bilen bagly entek üsti ýapyk işlerem ahyry bir gün halka belli bolar. Ana, şondan soň ol adam hakdaky gep-gybatlar, belki, kemelse kemelerem.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG