Sepleriň elýeterliligi

Halkara Krizis topary: «Etniki ýykan-ýumranlyk»


Etnik özbek raýaty özüniň Oşdaky ýumrulan jaýynyň içinde. Oş, 20-nji awgust, 2010.

Etnik özbek raýaty özüniň Oşdaky ýumrulan jaýynyň içinde. Oş, 20-nji awgust, 2010.

23-nji awgustda Halkara Krizis topary Gyrgyzystandaky etniki krizisler bilen bagly ýörite raport ýaýratdy. Onda Gyrgyzystandaky wakalar “Etniki ýykan-ýumranlyk” diýlip atlandyrylypdyr. Halkara Krizis toparynyň metbugat sekretary Endru Strolein bu ulanylan deňeşdirmäniň manysyny şeýle düşündirdi: “Etniki ýykan-ýumranlyk diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi bu hüjümleriň bir etniki topara garşy gönükdirilenligidir. Bu ýerde hüjüme uçran tutuşlygyna diýen ýaly özbekler boldy”. Aşakda şol raportyň gysgaldylan görnüşi.


Şu ýylyň 11-14-nji iýunynyň aralygynda günorta Gyrgyzystanda bolan gazaply hereketlerde ýüzlerçe adam ölüp, ençeme öýler dargadyldy. Ölenleriň aglaba köplügi özbekler.

Ýurduň özbek ilaty bilen gyrgyz ilatynyň arasyndaky oňşuksyzlygy güýçlendiren bu çaknyşyk şol bir wagtyň özünde-de 2010-njy ýylyň aprelinde prezident Kurmanbek Bakyýewi agdaryp, häkimiýet başyna gelen wagtlaýyn hökümetiň netijeli iş alyp barmaga tutuşlygyna diýen ýaly ukypsyzdygyny subut etdi.

Hökümetiň çaknyşyklaryň sebäplerine we netijelerine garamakda gaty haýal hereket edýänligini nazara alanyňda, çaknyşyklaryň ýene turmak howpy gaty ýokary görünýär.

Gazaply hereketleriň esasy bolan ýeri Oş şäheri. O diýen ganly bolmasa-da, edil şeýle waka regionyň beýleki möhüm şäheri Jelalabatda-da boldy.

Bu gazaply hereketleriň yzynda duran güýçleriň kimlerdigi entek doly anyklananok. Düýpli we professional halkara barlagy geçirilmese, bu iş bitjege-de meňzanok.

Özbekler özlerine edilen hüjümleriň döwlet tarapyndan planlaşdyrylandygyna doly ynansalar-da, bu faktlaryň esasynda subut edilen zat däl. Ýöne tanymal syýasatçylaryň aýratyn-da Oş şäherindäki çaknyşyklarda eliniň bolandygyny çaklamaga welin, güýçli esaslary bar.

Regiondaky howpsuzlyk güýçleri gaty haýal herekete geçipdir ýa-da özi bu işe goşulypdyr. Iýundan öň, maý aýynda hem Jelalabatda etniki we syýasy dartgynlylyklar bolupdy. Ýöne bular hem merkezi hökümet hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan äsgermezlik edildi.

Yzly-yzyna häkimiýet başyna gelen hökümetler etniki dartgynlylyklary çözmekden boýun gaçyrdylar. Olar beýle dartgynlylygyň bardygyny asyl kabul hem etmediler.

2010-njy ýylda bolan gazaply herektler köp babtlarda 1990-njy ýylda bolan ganly etniki çaknyşyklara çalym edýär. 1990-njy ýylda bu problemanyň esasy sebäplerini aradan aýyrmak üçin edilen tagalla bolmandy. Onsoň bu mesele 20 ýyldan soň gaýtadan has güýçli ýüze çykdy.

Ýagdaý tutuş ýurtda dartgynly. Ýurduň günortasy bolsa, gaýtadan partlamagyň bäri ýanynda. Hökümet ýagdaýlar kadalaşyp barýar diýen pikiri ýaýratmaga synanyşýar. Aslynda bolsa, Oş häkimiýetleri özbekleri jezalandyryjy syýasaty alyp barýarlar. Munuň hem has güýçli çaknyşyklara getirmegi mümkin.

Biz gyrgyz hökümetini 2010-njy ýylyň maýynda Jelalabatda, iýunynda hem Oş we Jelalabatda bolan gazaply hereketleriň sebäplerini we netijesini halkara arkalaşygynyň kömegi bilen derňemäge hem-de şeýle derňewi goldamaga çagyrýarys.

Halkara arkalaşygyna-da biz 2010-njy ýylyň maý we iýun aýlarynda bolan wakalaryň derňelmegini goldamagy maslahat berýäris. Bu barlaglarda esasy roly Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygy, şeýle hem Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmadaşlyk guramasynyň Azlykdaky milletler baradaky Ýokary komissarlygy oýnamalydyr.
XS
SM
MD
LG