Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we owgan prezidentleri gaz geçiriji barada gürleşdiler


Aşgabat bilen Kabul Türkmenistandan Pakistana gaz geçirijisini gurmak baradaky köne proýekte itergi bermek barada ylalaşyga geldi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen onun owgan kärdeşi Hamid Karzaýyň golaýda bolan telefon söhbetinde sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň çäklerinde duşuşyp, bu barada maslahat etmek barada gürleşendiklerini habar berýär.

Iki ýurt 2002-nji ýylda 1 müň 700 kilometrlik geçiriji gurup, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana eltmek barada ylalaşyk baglaşypdy. Ýöne bu proýekt Owganystandaky uruş zerarly doňup galdy.
XS
SM
MD
LG