Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky sil 800 müň adamy uzňelige saldy


Birleşen Milletler guramasy Pakistandaky sil zerarly 800 müň çemesi adamyň gury ýer ýollaryndan üzülendigini we olara kömek eltmek üçin azyndan 40 sany agyr ýük göterýän dikuçaryň gerekdigini aýdyp, hökümetlere ýüzlendi.

Resmiler ýol-ýodadan üzük galanlaryň köpüsiniň Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky daglyk ýerlerdedigini, sebäbi ol ýerlerdäki ýollary we köprüleri sil suwunyň ýykan-ýumran edendigini aýdýarlar.

Pakistanyň premier-ministri Ýusuf Reza Gilani häkimiýetleriň sil suwunyň dörän ýerlerinde ýokanç kesellerin epidemiýasynyň ýaýramagyndan çynlakaý alada edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG