Sepleriň elýeterliligi

Moldowada uran gaçakçylary saklandy


Düýn Moldowanyň polisiýasy 2 kilograma golaý uranyň «238» görnüşini alyp barýan şübheli adamlary saklady.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Çiril Motpan polisiýanyň 7 gaçakçyny saklandygyny, olaryň arasynda Içeri işler ministrliginiň öňki resmileriniň hem bardygyny aýtdy.

Ol tutulan adamlaryň bu radioaktiw jisimi 9 million ýewro satmakçy bolandyklaryny, olaryň arasynda ozal radioaktiw materiallar bilen bagly Moldowada, Orsýetde we Rumyniýada sud edilenleriň hem bardygyny sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG