Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň iki esgeri öldürildi


Düýn NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara howpsuzlyk kömek güýçleri Owganystanda iki esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Bu maglumata görä, bir amerikan esgeri günorta Owganystanda öýde ýasalan partlaýjynyň pidasy bolupdyr. Milleti aýdylmadyk ikinji bir esger bolsa günorta Owganystanda pitneçiler bilen bolan söweşde ölüpdir.

«Frans-Press» habar gullugynyň hasabyna görä, bu iki esgeriň ölümi şu ýyl Owganystanda ölen halkara esgerleriniň sanyny 458-e eýtirýär. Geçen ýyl Owganystanda 520 halkara esgeri öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG