Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda bolan uçar heläkçiliginde 42 adam öldi


Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda düýn ýolagçy uçary gonjak bolanda heläkçilige uçrady. Uçardaky 96 adamyň 42-si heläk boldy.

Şäher administrasiýasynyň resmisi Jin Ýi ýurduň habarlar gullugyna ýogalan 42 adamyň jesediniň Ýiçun aeroportunda uçaryň iki bölünen ýerinden tapylandygyny aýtdy.

Diri galan 54 adam hassahana ýerleşdirilipdir we olaryň arasynda agyr ýaralananlaryň hem bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG