Sepleriň elýeterliligi

Eýran parlamenti “Maşgalany goramak” baradaky kanunyň taslamasy boýunça çekişme geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu taslama oňlanan halatynda, maşgalaly erkek adamlar aýalynyň razyçylygy bolmasa-da, aýalynyň üstüne aýal alyp bilýär.


Bu kanun taslamasy prezident Mahmud Ahmedinejadyň kabineti tarapyndan ilkinji gezek 2007-nji ýylda teklip edilipdi. Aýal-gyzlaryň hukuklary ugrunda göreşýän toparlar beýle kanun “Köpaýllylyga ýol açyp, maşgala gurluşyna zyýan ýetirer. Eýranda aýallaryň hukuklaryny yza tesdirer” diýýärler.

Kanunyň taslamasynyň tarapyny çalýanlaryň aýtmagyna görä bolsa, bu kanun yslam prinsiplerini güýçlendirmäge gönükdirilen zat. Eýranda ulanylýan yslam kanuny boýunça bir adam dört aýal alyp bilýär. Ýöne köpaýllylyk Eýranda giňden ýaýran zat däl. Sebäbi adamlar bu işi gowy görmeýärler.

Gürrüňi edilýän häzirki taslama 2008-nji ýylda parlamentde sese goýulmaly edilipdi. Ýöne protestler we tankytlar köp bolansoň, parlament onuň üstünde işlenmeli diýip, ony Hukuk komitetine tabşyrdy.

Garşy çykjaklar köp bolmaž

Bu gezek parlamentde bu kanuna garşy çykjaklaryň köp bolmažlygy mumkin diýlip garasylyar. Sebäbi häzir bu ýerde agdyklyk edýänler konserwatiwler. Bu kanun taslamasyna tutanýerlilik bilen garşy çykanlar hem ýa türmede ýa-da ýurduň daşynda.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebady 2008-nji ýylda bu taslamanyň garşysyna işjeň göreşenleriň biri. Onuň pikiriçe, bu täze kanun nikany bozmak kanunynda bar bolan deňsizligi ýitileşdirip, köpaýllylyga goşant goşar.

“Bu kanun bir aýaly öz nikasyny we duýgularyny başga bir aýal bilen paýlaşmaga mejbur edýär. Oňa öz adamsyndan aýrylmaga hem mümkinçilik berlenok. Eýranly aýallaryň birigip, garşy çykýan zatlaryndan biri-de şu” diýip, Şirin Ebady nygtaýar.

Bu kanun taslamasyna çyndan garşylyk görkezen aktiwistleriň köpüsi häzir ýa türmede otyr ýa-da bosgunlykda ýaşaýar. Tähranly aktiwist Fatemeh Gowaraýynyň pikiriçe bu kanun taslamasynyň edil şu wagt parlamentiň garamagyna berilmeginiň sebäbi hem şu ýagdaý bilen baglanyşykly.

“Jedelli prezidentlik saýlawynyň üstünden bir ýyl geçip, dökülen ganlar ýuwuldy. Häzir eýran jemgyýetinde diýseň zabun repressiýä höküm sürýär. Parlament we häkimiýet başyndakylar bu kanuna görkezilen garşylyk 2008-nji ýyldaky ýaly güýçli we guramaçylykly bolmaz diýip, muny amatly pursat saýýarlar. Olaryň maksady az-kem üýtgedip, bu kanuny parlamentden geçirmek” diýip, Gowaraýy aýdýar.

Adam hukuklary boýunça adwokat tähranly Nasrin Sotudeh: “Eýranly aýallar ýurduň içinde hem daşynda özlerini ençeme ädim yza taşlaýan bu kanun barada dymmazlar” diýýär.

“Soňky ýyllarda protestlere gatnaşan, aýratyn-da saýlawlardan soň köçelere çykan aýallaryň sany erkekleriňkiden köpeldi. Eýran resmileri akylly bolsalar, eýranly aýallaryň ýüreginde ençeme ýyllap toplanan gaharyň üstüne gahar goşmazdylar” diýip, Nasrin Sotudeh belledi.

Tähranly sosiolog Shala Ezazy hem: “Bu kanuny iş ýüzünde ýeke aýllar däl, erkekler hem kabul etmez” diýýär.
XS
SM
MD
LG