Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrakda bolan hüjümlerde 40 adam heläk boldy


Ýragyň hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, şu gün ýurtda bolan hüjümlerde azyndan 40 adam heläk bolup, onlarça adam hem ýaralandy.

Resmileriň aýtmagyna görä, hüjümlerden biri Yragyň paýtagty Bagdadyň demirgazygynda bolup, ondaky partlama janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Bu partlamada azyndan 15 adam heläk bolandygy we ölenlerden 9-synyň parahat ýaşaýjylardygy aýdylýar. Şol partlamada azyndan 50 adamyň hem ýaralananlygy habar berildi.

Bagdadyň günortasynda pasport edarasynyň golaýynda ýerleşdirilen beýleki bir bombanyň partlamagy netijesinda aglabasy polisiýa işgärlerinden ybarat jemi 15 adamyň ölenligi aýdylýar.

Ýragyň käbir beýleki regionlarynda hem şu gün partlamalaryň we dürli hüjümleriň amala aşyrylandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG