Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşdaky uniwersitetlerde okuwy oktýabrda başlamak teklip edilýär


Gyrgyzistanyň Oş welaýatynda ýerleşýän uniwersitetlerde okuwy 1-nji sentýabrdan däl-de, 18-nji oktýabrdan başlamaklyk teklip edilýär. Bu pikiriň şu gün Oşda geçirilen mugallymlar maslahaynda Gyrgyzistanyň premier-ministriniň orunbasary Uktanhan Abdyllaýew öňe sürdi.

Bu pikir häzirlikçe diňe teklip bolup, ol ýurduň Magaryf ministrligi tarapyndan oňlanan halatynda güýje girer. Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysynyň maglumatyna görä, şeýle teklibiň orta atylmagy Gyrgyzistanda ýakynda geçiriljek saylawlar bilen bagly.

Şol bir wagtyň özünde-de, Gyrgyzistanyň Oş hem Jelalabat şäherlerinde dörän dartgynlylygyň netijesinde Türkmenistana dolanan studentlerden Gyrgyzistana dolanmakçy bolýanlarý bilen Türkmenistanyň Migrasiýa gullygynyň gürrüňdeşlik geçirýändigi hem habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, şol duşuşyklarda Migrasiýa gullugynyň işgärleri Gyrgyzistana dolanmakçy bolýan studentlere bu ýurda dolanmaklygyň howplary barada düşündüriş berýär.

Studentlerden kimdir-biri Gyrgyzistanyň deregine öz okuwyny beýleki bir ýurduň ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirmekçi bolsa, bu meselede Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň studentlere ýardam berýänligi hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG