Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýa sapar eder


Düýn Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-iliň Hytaýa sapar etjegi habar berildi. Bu habary Günorta Koreýanyň «Ýonhap» habar gullugy ýaýratdy.

Emma Hytaýyň Daşary işler ministrligi bu habara bada-bat düşündiriş bermedi.

Maglumata görä, Kim Joň-iliň ýanynda ogly we görnetin wezipe mirasdary Kim Joň-an hem bar.

Prezident Kim Hytaýa maý aýynda hem sapar edip, prezident Hýu Jin Tao bilen duşuşypdy. Soňky wagtlar Kim Joň-iliň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy hakynda kän gürrüň edilýär.
XS
SM
MD
LG