Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Adalat komissary alada bildirýär


Düýn Ýewropa Bileleşiginiň Adalat komissary Wiwiaýn Riding Fransiýanyň syganlary ýurtdan kowmagy barada alada bildirdi.

Ol öz edarasynyň bu çäräniň Ýewropa Bileleşiginiň kanunlaryna näderejede laýyk gelýändigini barlaýandygyny aýtdy.

Hanym Riding Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmekdäki jogapkärçiligini tassyklamak bilen, Bileleşige agza döwletleriň hereket azatlygy düzgünlerine hormat goýmalydygyny nygtady.

Fransuz häkimiýetleri şu ýylyň iýul aýynyň ahyryndan bäri bu ýurtdaky syganlardan 680-den gowragyny yzlaryna, Rumyniýa we Bolgariýa ugratdy.
XS
SM
MD
LG