Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Orsýetiň hereketlerine nägileligini bildirýär


Gürjüstan Orsýeti Günorta Osetiýada C-300 goranyş sistemalaryny ýerleşdirmekde aýyplady.

Gürjüstanyň Daşary işler ministri Grigol Waşadze «Imedi» telewideniýesinde C-300 raketalarynyň Shinwali sebitinde bireýýäm ýerleşdirilendigini aýtdy.

Moskwa şu aýyň başlarynda C-300 raketa komplekslerini Gürjüstanyň separatistik Abhaziýa sebitinde ýerleşdirendigini aýdypdy. Ýöne ol bu raketa kompleksleriniň Günorta Osetiýada ýerleşdirilendigini welin ret edipdi.
XS
SM
MD
LG