Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwisti uran polisiýa ofiseri derňew astynda


YouTube internet saýtynda goýlan wideoýazgyda 31-nji iýulda Sankt Peterburgda bolan demonstrasiýada bir aktiwisti dubinka bilen urýany görkezilen polisiýa ofiserine garşy derňew işi başlandy.

Şäheriň derňew komiteti beýanat çap edip, polisiýa ofiseriniň ol aktiwistiň kellesine azyndan bir gezek dubinka bilen urandygyny aýtdy.

Wideoýazgyda ofiseriň bir aktiwisti tussag edip, märekä soguşi we beýleki aktiwistiň saçyndan penjeläp, ony urşy görkezilýär.

Häzirlikçe derňew astyndaky ol ofiseriň ady aýdylmaýar. Protestleri gurnaýjy Andreý Dmitrow Azatlyk Radiosyna aktiwistleriň şol ýere polisiýanyň ýowuzlygyndan gorkmaýanlaryny görkezmek üçin 31-nji awgustda ýene ýygnanjakdyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG