Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky hüjümlerde azyndan 60 adam öldi


Düýn Yragyň dürli ýerlerinde edilen bomba hüjümleri azyndan 60 adamy öldürdi we 250-den gowrak adamy ýaralady.

Hüjümleriň iň agyr ýitgilisi Bagdadyň günortasyndaky Kut şäherinde, janyndan geçen bombaçynyň 30 adamy öldüren polis stansiýasynda boldy.

Bagdatda hem birnäçe partlama boldy, olaryň içinde janyndan geçen bombaçynyň 15 adamy öldüren partlamasy hem bar.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG