Sepleriň elýeterliligi

S.Nyýazowyň heýkeli Aşgabadyň merkezinden aýryldy


«ITAR-TASS» habar agentligi Aşgabatdaky Bitaraplyk diňiniň üstünden S.Nyýazowyň heýkeliniň aýrylandygyny habar berýär.

Bu diňiň üstünde ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň altyn çaýylgy 12 metrlik, aýlanýan heýkeli bardy.

Üsti heýkelli 75 metrlik diňi sökmek işi indi iki aýdan gowrak wagt bäri dowam edýär. Bu işi Türkiýäniň «Polimeks» firmasy amala aşyrýar.

Bu firma indi söküljek Bitaraplyk diňiniň başgarak, öňküden has beýik görnüşini Aşgabadyň başga bir ýerinden gurmaly.
XS
SM
MD
LG