Sepleriň elýeterliligi

Daniýa NATO-nyň talabyndan boýun towlaýar


Düýn Daniýa NATO-nyň Owganystana F-16 söweş uçarlaryny ibermek baradaky talabyny ret etdi.

Daniýanyň Daşary işler ministri Lene Espersen parlamentiň daşary işler komiteti bilen duşuşykdan soň eden çykyşynda öz ýurdunyň Owganystan meselesinde iň köp hyzmatdaşlyk eden ýurtlaryň biridigini we NATO-nyň talaplary meselesinde beýleki ýurtlaryň hem öz roluny oýnamalydygyny nygtady.

Owganynstandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň hatarynda Daniýanyň 750 esgeri bar we olar bu ýurduň iň bir pitneçilikli welaýatlarynyň biri Helmandda gulluk edýärler. Daniýa Owganystandaky uruşda 34 esgerini ýitirdi.
XS
SM
MD
LG