Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa amerikan raýatyny azat etdi


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jimmi Karter düýn Demirgazyk Koreýanyň türmesinde saklanýan amerikan raýaty Aýjalog Gomesiň türmeden boşadylmagyny gazandy.

Ol düýn türmeden boşadylan Aýjalog Gomes bilen yzyna dolandy. Birleşen Ştatlaryň raýaty Aýjalog Gomes şu ýylyň ýanwarynda tutulyp, Hytaýdan Demirgazyk Koreýa bikanun girmekde günälenipdi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi metbugaty düýn özara gepleşiklerde ýurduň ýörite resmisi Kim Ýoň Namyň Jimmi Kartere öz ýurdunyň bu regiony ýadro ýaraglaryndan azat regiona öwürmek hem-de altytaraplaýyn gepleşiklere dolanmak isleýändigini aýdandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG