Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan lideri howpsuzlyk ýagdaýyna alada bildirýär


Owgan prezidenti Hamid Karzaý Birleşen Ştatlaryň geljek ýyldan Owganystandaky goşunlaryny çykaryp başlamak planlarynyň Talybanyň ruhuny göterýändigini aýtdy.

Karzaý Birleşen Ştatlaryň Owganystana sapara gelen kongres delegasiýasynyň öňünde çykyş edip, goşunlary geljek ýylyň iýul aýynda çykarmak baradaky kararyň pitneçiligiň öjemegine itergi bolandygyny belledi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň Merkezi harby karargähiniň başlygy, general Jeýms Mattise belki-de Pakistany nazarlap, serhetaşa gaçybatalgalaryň köklerini köwlemezden, terrorizmi ýeňip bolmajagyny aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda Talyban pitneçileri düýn demirgazyk Owganystanda bir polis stansiýasyna hüjüm edip, 8 polis ofiserini öldürdiler.
XS
SM
MD
LG