Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly alyma ABŞ-da sylag berildi


Türkmenistanly ylymlaryň doktory, Tehasdaky «El Paso» uniwersitetiniň professory Myrat Aşyrowiç Çoşanowa mugallymçylyk işindäki üstünlikleri üçin ýörite sylag gowşuryldy.

Tehas uniwersitetlerinde bu sylag mugallymçylyk işindäki täzelikçilik usullary üçin berilýär.

Türkmenistanly alym Tehas ştatynyň paýtagty Ostinde gurnalan dabara çagyrylyp, şol ýerde oňa sylag we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.

Professor Çoşanow 2000-nji ýyldan bäri Tehas uniwersitetinde matematikadan ders berýär.
XS
SM
MD
LG