Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Komiteti Fransiýa çagyryş etdi


Şu gün BMG-niň Jynsparazlyga garşy Komiteti Fransiýany syganlary köpçülikleýin göçürmekden saklanmaga çagyrdy.

Komitetiň şu günki yglan eden bu beýanatynda golaýda bolup geçen käbir syýasy çykyşlaryň jynsparaz häsiýete eýediginden howatyr edilýändigi aýdylýar.

Fransiýa bu halkara çagyryşyna jogap edip, özüniň Ýewropa Bileleşiginiň kanuny aktlaryny doly berjaý edýändigini aýtdy.

Halkara guramalarynyň bu çäreden ýüz öwürmäge çagyryş etmegine garamazdan, 26-njy awgustda Fransiýadan nobatdaky gezek birnäçe ýüz sygan göçürildi.

Şu ýylda Fransuz hökümeti 8 müň 300 sygany Rumyniýa hem Bolragiýa deportasiýa etdi. Geçen 2009-njy ýylda Fransiýa 7 müň 875 sygany göçüripdi.
XS
SM
MD
LG