Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus K.Bakyýewi bermekden ýüz öwürýär


Belarus indi ikilenji gezek Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewi Gyrgyzystana ekstradasiýa etmekden ýüz öwürýär.

Bu barada şu gün Gyrgyzystanyň Baş prokurory Baýtemir Ibraýew aýtdy we gyrgyz prokuraturasynyň Minskä ýene-de talap gönderjekdigini belledi. Şeýle hem, ol Bakyýewi jogapkärçilige çekmek üçin başga ýollara-da serediljekdigini mälim etdi.

Kurmanbek Bakyýew şu ýylyň aprel aýynda köpçülikleýin tolgunyşyklar netijesinde wezipesinden çetleşdirilipdi. Ol ýurdundan gaçyp, Belarusda başpena tapypdy.

Gyrgyzystanyň täze hökümeti Bakyýewi birnäçe agyr jenaýatсylyklarda, şol sanda, 7-nji aprelde Bişkekde bolan demonstrasiýa gatnaşyjylary oka tutmakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG