Sepleriň elýeterliligi

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Pakistanyň halkyna gyssagly ynsanperwer kömegini bermek barada karara gol çekdi.

Mejlisde Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan Päkistana 40 tonna ýüküň iberiljekdigini aýtdy. Iberilýän ýüküň düzüminde esasan, arassa agyz suwy, goýaldylan süýt, çagalar iýmiti, derman serişdeleri bolar.

Pakistana ynsanperwer kömegini ibermek üçin Berdimuhamedow wise-premýer N.Şagulyýewe ýük uçaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Etraplarda elewatorlar gurlar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Akmämmedow Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze elewatorlaryň ulanylmaga berlendigini, bu elewatorlara şu ýylda ýetişdirililen bugdaýyň eýýäm getirilip ugralandygyny habar berdi.

Mary, Daşoguz, Ahal welaýatlarynda täze elewatorlary gurmak barada ozal ýurduň prezidenti tarapyndan degişli karara gol çekipdi. Ruhubelent we Kaka etraplarynda gurlan elewatorlar ýaly elewator ýakyn geljekde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda hem ulanylmaga berler.

Ýurtda öndürilýän gallanyň mukdarynyň artýandygyna garamazdan, däneçilik pudagynda emele gelen ýagdaýyň talabalaýyk däldigini Berdimuhamedow mejlisiň barşynda nygtamak bilen, gysga wagtyň içinde täze degirmenlerdir elewatorlary etraplarda gurmagyň we işe girizmegiň zerurdygyny belledi.

Meýdanlarda ýygnalan gallanyň awtoulaglara ýüklenilip, uzak aralykda ýerleşýän goňşy etraplaryň elewatorlaryna eltilmeginiň netijesinde ýolda hasyl ýitgisine getirmegi şu günki günde oba hojalyk pudagynda problemalaryň biri bolup durýar. Her etrapda elewatorlaryň gurulmagy şeýle ýitginiň mukdarynyň azalmagyna getirip biler.

Lukmançylyk uniwersiteti döredildi

Mejlisde Berdimuhamedow Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek barada hem permana gol çekdi. Bu permana laýyklykda ozalky Türkmen döwlet lukmançylyk instituty mundan beýläk öz işini bes eder.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binasy 1-nji sentýabr gününde açylar. Şeýle hem ýurduň baştutanynyň gol çeken kararyna laýyklykda şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanda Bütindünýä statistika güni bellenilip geçiler. Şol gün Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň döwlet statistikasy ösüş ýolunda» atly ylmy amaly maslahat geçiriler.

Käbir synçylar Türkmenistanda statistikanyň ýurtda bolup geçýän syýasy-ykdysady prosesleri hakykatdan daşlaşdyrmak funksiýasyny ýerine ýetirýän pudaga öwrülip, hatda tebigy betbagtçylyklar we ýol heläkçilikleri boýunça maglumatlaryň hem ýaşyrylyp gelinýändigini belleýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG