Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda magdan käninde 3 adam heläk boldy


Gürjüstanyň Tkibuli şäherindäki magdan käninde 3 magdançynyň heläk bolup, ýene 7-siniň ýaralanandygy habar berilýar.

Ýerli resmileriň beren maglumatynda 27-nji awgust güni giçlik, mgdan şahtasynyň içinde 11 adam işleýärkä partlama emele gelipdir.

Oňa metan gazynyň syzyp çykmagynyň sebäp bolan bolmagy mümkin diýilip, bu barada geçirilen derňewiň deslapky netijelerinde aýdylýar.

Şu ýylyň mart aýynda Tkibuli şäheriniň bu magdan käninde partlama bolup, 4 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG