Sepleriň elýeterliligi

Moskwada 3 sany milisiýa işgäri tussag edildi


Şu gün Moskwanyň günbatarynda adam alyp gaçmakda şübhelenip, 3 sany milisiýa işgäri tussag edildi.

Maglumata görä, moskwaly bir zenan milisiýa edarasyna jaň edip 4 näbelli adamyň öz adamsynyň alnyp gaçylandygyna şaýat bolandygyny aýdypdyr.

Gözleg işleriniň netijesinde milisiýa tarapyndan saklanan bir maşynyň ýük goýulýan ýerinde şol alnyp gaçylan adam tapylypdyr. Bu iş boýunça häzirlikçe 3 sany milisiýa işgäriniň tussag edilendigi we derňewiň etdirilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG