Sepleriň elýeterliligi

Peşawar şäherinde pitneçiler iki adamy zamun aldylar


Şu gün Pakistanyň Peşawar şäherinde pitneçileriň iki adamy zamun alandygyny ýerli polisiýa habar berdi.

Bu wakada Peşawer şäheriniň goralýan kwartalyna ýaragly näbelli adamlaryň birňäçesi hüjüm etdi. Netijede ok atyşlyk ýüze çykdy.

Polisiýa hüjümçilere ot açanyndan soň, olar hökümet edaralarynyň biriniň binasynda gizlendiler.

Peşaweryň şäher polisiýasynyň ýolbaşçysy Karim Hanyň aýtmagyna görä, geçirilen operasiýanyň netijesinde zamun alnanlary azat etmek we hüjümçileri ele salmak başardypdyr. Ýöne hüjümçileriň anyk sany barada häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG