Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi


27-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Pakistana ynsanperwerlik kömek hökmünde 40 tonna ýüki iberjekdigini prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem, bu mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek baradaky permana-da gol çekdi.

Bu permana laýyklykda, ozalky Türkmen döwlet lukmançylyk instituty mundan beýläk öz işini bes eder. Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binasy 1-nji sentýabrda açylar.

Şeýle hem prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanda Bütindünýä statistika güni bellenilip geçiler.

Şol gün Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň Döwlet statistikasy ösüş ýolunda» atly ylmy amaly maslahat hem geçiriler.

Käbir synçylar Türkmenistanda statistikanyň ýurtdaky ýagdaýlar barada köp halatda ygtybarly maglumat bermändigini we aýan edilýan maglumatlaryň hem köplenç hakykata laýyk gelmeýandigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG