Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugatyň gözgyny ýagdaýy


Türkmenistanda propagandistik gural hökmünde ulanylýan mediýa serişdelerine döwlet gaznasyndan köp maliýe serişdesi goýberilýär. Eýsem, bu edilýän çykdaja degýärmi?


Hakykat ýüzünde, Türkmenistanda gazet-žurnallar höwes bilen okalmaýar, tele-radiogepleşiklere-de sabyrsyzlyk bilen garaşylmaýar.

Dogrusy, käte isleg möwsümleýin ýüze-de çykýar. Beýle isleg, hususan-da, metbugatda günäsi geçilip, azatlyga çykarylýan tussaglaryň sanawy çap edilende güýçlenýär. Şol günlerde her kim öz hossarynyň tussaglykdan boşanlygyny biljek bolup, gazetleriň gözlegine çykýar.

Ýylyň galan günlerinde döwürleýin neşirleri satýan kiosklaryň agzynda gazetdir-žurnal satyn alýan adama gözüň düşmeýär. Munuň şeýledigini ähli poçta işgärleri-de, gazet-žurnallary satuwa çykarýanlar-da bilýärler.

Neşir köp - okara zat ýok

Bäş milliondan gowrak ilaty bolan Türkmenistanda häzirki wagtda 20-den gowrak gazet we şondan sähel azrak žurnal neşir edilýär. Birdir-iki reklama bildirişlerini çap edýän neşir bolaýmasa, gazet-žurnallaryň barysy döwlet eýeçiliginde we döwlet tarapyndan berilýän dotasiýasynyň hasabyna neşir edilýär. Olaryň ählisiniň hem howandary bir adam - ýurduň prezidenti.

Mundan birnäçe ýyl ozal ähli döwürleýin neşirler reňkli görnüşde çap edilip başlandy. Şondan soň gazetler poligrafik nukdaýnazardanam, içgi many-mazmunlygy tarapdanam bir galypdan çykarylýan kerpiç zawodynyň önümine meňzäp ugrady.

Köp halatlarda bu birmeňzeşligi Türkmen döwlet habarlary gullugy tarapyndan taýýarlanyp ähli habar serişdelerine ýaýradylýan resmi habarlar we materiallar üpjün edýär. Hemişeki günlerde TDH-nyň materiallary gazet meýdanynyň ýarpysyny tutýan bolsa, döwlet möçberli ýygnaklar ýa-da baýramçylyklar geçirilýän günleri gazetleriň hemme sahypalaryny diýen ýaly TDH-nyň resmi habarlary eýeleýär.

Okalmasa-da, tiražlar ösýär

Gazetler-žurnallary okalmaýan bu ýurtda bir paradoksal ýagdaý hem emele geldi. Gündelik neşirler höwes bilen köpçülik tarapyndan okalmasa-da, olaryň tiražlary welin ýylyň-ýylyna şol bir derejede saklanyp dur ýa-da birneme artýar.

Bu ýagdaýy Türmenistanyň daşynda ýaşaýanlaryň geň-taň görmegi-de mümkin. Emma ýurduň içinde ýaşaýanlar üçin bu ýagdaýda hiç hili geň galarlyk zat ýok.

S.Nyýazowyň «altyn asyr» diýlen döwründe edilişi ýaly, G.Berdimuhamedowyň «täze galkynyşlar we beýik özgertmeler» diýilýän döwründe-de abuna ýazylyşyk kampaniýasy administratiw usullar bilen amala aşyrylýar.

Döwlet gullukçylary, edara-kärhänalaryň işgärleri, garaz, býujetden aýlyk almak üçin gol çekýänleriň barysy hökmany suratda, islese-islemese, her abuna ýazylyşyk möwsüminde 2-3 sany gazete ýazylaýmaly.

Her bir söz senzura astynda

Türkmen mediýasynyň ýakyn geljekdäki ykbalyny häzirden göz öňüne getirse bolar: ýagdaý üýtgemez. Metbugata we mediýa serişdelerine bagyşlanylyp ýygnaklar geçirilse-de, «hiliň pesligi» üçin redaktorlara we beýleki ýolbaşçylara käýinç berilse-de, olar wezipesinden pyzylsalar-da gazetleri okaýanlaryň sany artmaz. Munuň-da sebäbi - ýazylýan zatlarda hakykatyň ýoklugy we metbugat azatlygyna ýol berilmeýänligi.

Metbugat we söz azatlygy bolmadyk ýurtda žurnalistlere-de erkin işlemek aňsat düşenok. Olar erkin maglumat alyp bilenoklar. Hatda welaýat derejesinde işleýän žurnalistlerem makala üçin zerur bolan ýönekeý maglumatlarydyr sanlary almaly bolanlarynda-da uly kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ýurtda köp maglumatlar döwlet syry ýaly berk goralýar, ýokarda oturan ministrden degişli rugsat bolmasa, käbir edara ýolbaşçylary ýerli žurnalistlere maglumat bermekden hem ýüz öwürýärler. Netijede žurnalistler öz makalalarynda umumy sözleri ulanyp, prezidentiň aýdan-diýenlerini gaýtalap, ony mahabatlandyrmaga mejbur edilýärler.

19-njy awgusta geçirilen iş duşuşygynda prezident G.Berdimuhamedow metbugatda döwlet syryny goraýan Komitetiň bitirýän işiniň wajypdygyny we ony kämilleşdirmelidigini nygtady. Bu edaranyň işi häzirkisinden kämilleşse, onda Türkmenistanda metbugat azatlygyna hiç wagtam ýetilmez.

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG