Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ogurlanan bäş aktiwistiň jesedi tapyldy


Owganystanyň günbatarynda, Hyrat welaýatynda saýlawlar kampaniýasynyň ogurlanan 5 aktiwistiniň jesedi tapyldy. Olar parlamente deputatlyga bir kandidat üçin agitasiýa işini geçirýärdiler.

Öldürilenler 25-nji awgustda ogurlanypdy. Bu jenaýat üçin hiç kim jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Soňky döwür talyplar 18-nji sentýabra bellenen saýlawlara açyk gatnaşmak isleýän graždanlara ençeme gezek haýbat atypdylar.
XS
SM
MD
LG